Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy emeli aň çiplerine bolan islegiň artmagy sebäpli «Mate 60» flagman smartfonlarynyň önümçiliginiň depginlerini haýallatdy. Bu barada vesti.ru «Reuters» habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär. Bellenilmegine görä, «Huawei» premium «As Mate» smartfonlary üçin niýetlenen «Kirin» prosessorlary öndürilýän kärhanalarynyň birini özüniň «Ascend AI» emeli aň çiplerini öndürmek üçin ulanyp başlady. Bilermenleriň pikiriçe, bu smartfonlaryň indi öndüriji üçin esasy orunda durmaýandygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir