Ýewropa kosmos gullugynyň (ÝKG) Ylym Maksatnamasy Komiteti Weneranyň ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin kosmos stansiýasyny işläp taýýarlamagy we işe girizmegi öz içine alýan EnVision missiýasyny resmi taýdan tassyklady. Missiýa üçin esasy potratçy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli saýlanar we Ýewropanyň agyr Arian 6 raketasynda apparaty goýbermeklik 2031-nji ýyla meýilleşdirildi diýip, 3DNews habar berýär. Wenera käwagt Ýeriň “erbet ekiztaýy” hem diýilýär, sebäbi iki planetanyň gurluş, massa we gabara häsiýetnamalary birmeňzeş. Esasy tapawut, Weneranyň üstündäki temperaturanyň ortaça 464 ° C we howa basyşynyň Ýer ýüzündäkiden 92 esse ýokary bolmagydyr. Alymlar bu planetanyň taryhyny öwrenmek hem-de ol ýerde haçan nämäniň ters öwrüm alyp başlandygyny bilmek isleýärler? Orbital EnVision Wenera zondy radarlary we spektrometrleri ulanyp, bu planetanyň ýadrosyndan başlap, üstüni we tutuş atmosferasyny öwrenjek ilkinji enjam bolar. Weneranyň üstündäki gurluşlary tanamagyň takyklygy, takmynan, 10 m bolar, bu bolsa öňküsinden, takmynan, 10 esse ýokarydyr. Şeýle hem, bu gözlegçilere Ýeriň ewolýusiýasy baradaky düşünjelerini artdyrmaga kömek eder. Bu Wenera ikinji Ýewropa missiýasy bolar. “Wenera Express” programmasy (2005-2014) döwründe ÝKG planetanyň atmosferasy barada möhüm maglumatlary ýygnady we planetanyň üstündäki mümkin bolan wulkan ojaklaryna yşarat edýän gyzykly açyşlar etdi. Atmosferany öwrenmek Weneranyň atmosfera hereketlerine we howasyna işjeň gözegçilik etmegi dowam etdirýän JAXA-nyň “Akasuki” missiýasy bilen dowam etdirildi. ÝKG bilen bir hatarda NASA hem Wenerany öwrenmek boýunça taslamalaryny durmuşa geçirýär - gulluk DAVINCI-yň we VERITAS-yň awtomatiki gözleg zondlaryny planeta çykarmagy göz öňünde tutýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir