Ýaponiýanyň «Mazda» kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenen täze «Mazda CX-70» gibrid krossowerini tanyşdyrdy. Brendiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, satuw şu ýylyň ýazynda başlar. Awtoulag «CX-7» modeliniň ornuny tutar. «Mazda CX-70-iň» orta ölçegli bäş orunlyk krossowerdigi bellenilýär. Awtoulag daşky keşbi boýunça başga bir modele, «Mazda CX-90-a» meňzeýär. Şeýle-de bolsa, ondan keşbi üýtgedilen bamperleri we radiator gözenegi, şeýle hem 21 dýuýmlyk özboluşly alýumin teker diskleri bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň salony çuňňur gyrmyzy reňkde ýerine ýetirilipdir. «Mazda CX-70» özünde 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijini, 17,8 kWt sygymly akkumulýator batareýi we elektrik hereketlendirijisini birleşdirýän gibrid güýç ulgamy bilen hödürlener. Ulgamyň umumy kuwwaty 323 at güýjüne deň bolar. Ulag diňe elektrik togy bilen 40 km ýol geçip biler. Mundan başga-da, alyjy 3,3 litrlik turbomotor we 48 woltlyk starter-generatory bolan awtoulagy hem satyn alyp biler. Şeýle ulagyň kuwwaty 345 at güýjüne deňdir. Iki görnüş hem sekiz basgançakly awtomatik geçiriş gutusy we ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.