Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy öňüni alyş çärelerini geçirmek” atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze göçme PZR barlaghanasy gowşuryldy. Bellenişi ýaly, täze göçme barlaghana Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň lukmançylyk topary üçin niýetlenendir. Bu göçme barlaghana degişli ugurda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar hem-de ýüze çykyp we ýaýrap biläýjek keselleri dessin anyklamaga we öňüni alyş çärelerini geçirmäge ýardam eder. Göçme lukmançylyk barlaghanasy Türkmenistanyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylypdyr. Barlaghana ulagyny dabaraly gowşurmak çäresine BMG-niň GDA döwletleri boýunça sebit direktory Iwana Žiwkowiç gatnaşdy. Barlaghanada barlaglary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir