Türkmenabat Halkara howa menziliniň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen ýük terminaly ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna çalt, ygtybarly görnüşde ýükleriň islendik görnüşini daşamak, şol bir wagtyň özünde ýük ugratmaga gatnaşýan taraplary täjirçilik maglumatlary bilen üpjün edýän we bir bitewi logistika ulgamyny döredýän merkez bolup çykyş edýär. Ýük ammarynyň üsti bilen dürli önümleri: et önümleriniň ähli görnüşlerini, bakja, miwe önümlerini, ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, egin-eşikleri, nahallary, gaplanan önümleri, tehniki enjamlary, hojalyk enjamlaryny, matalar we başga-da dürli görnüşli harytlaryň kesgitlenen nyrhlar boýunça ugratma-daşama ýaly hyzmatlary barada Türkmenabat halkara howa menziliniň adminstrasiýasynda TmCars-a habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir