31-nji ýanwarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Hazar deňziniň kenaryndaky Guwlymaýak we Gyýanly şäherçelerini arassa agyz suwy bilen üpjün etjek suw geçirijisini gurmak dabarasy geçirildi. “PETRONAS Çarigali” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu bilelikdäki durmuş maksatly taslamasy ýerli ilatyň suw üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmak üçin amala aşyrylýar diýip, ORIENT habar berýär. Deňiz suwuny süýjediji zawodyň golaýynda geçirilen bu dabara, halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjeraldyň ýolbaşçylygyndaky “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň wekilleri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky edarasy, Guwlymaýak we Gyýanly obalarynyň hormatly il ýaşululary bilen bilelikde “Türkmenbaşyagyzsuw” kärhanasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. “Durmuş üçin suw” taslamasynyň çäginde bar bolan süýjediji zawoddan görkezilen obalara çenli 7 kilometrlik suw geçirijisiniň gurluşygy dabaraly ýagdaýda başlandy. Bu bilelikdäki taslamanyň ähmiýeti diýseň uludyr. Korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň çäginde bu möhüm ýaşaýyş maksatly taslama durmuşa geçirilenden soň, müňden gowrak hojalyklar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolan arassa agyz suwy elýeterli bolar. Sagatda 65 kub metr suw üpjünçiligi ulgamynyň dizaýn kuwwaty iki şäherçäniň hem isleglerini kanagatlandyrar, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar we hususy hojalyk jemgyýetleriniň hem ösmegine itergi berer. “Durmuş üçin suw” taslamasy deňiz suwuny süýjediji zawodda nasos stansiýasynyň, esasy suw geçirijisiniň, Gyýanly obasynda hersiniň göwrümi 200 m3 bolan iki sany suw howdanynyň we Guwlymaýak şäherçesinde, hersinde 400 m3 göwrümli iki sany suw howdanynyň gurluşygyny şeýle hem, iki ilatly nokatda giň suw üpjünçiligi ulgamyny öz içine alýar. Halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjerald, ýygnananlara ýüzlenip, “PETRONAS”-yň jemgyýetçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hemişe ygrarlydygyny, “Durmuş üçin suw” taslamasynyň soňkusy däldigini aýtdy. Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynda görkezilen myhmansöýerlige tüýs ýürekden hoşaldygyny we Gyýanly we Guwlymaýak şäherçeleriniň jemgyýetçilik wekillerine mähirli garşylandyklary we kompaniýa bildirilen hormat sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir