Ýedi gezek dünýä çempiony we «Mersedesiň» sürüjisi Lýuis Hemilton 2025-nji ýyl möwsüminden başlap, «Ferrari» toparyna wekilçilik eder diýip, «Sky Sports» habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, ylalaşyk eýýäm gazanyldy, şonuň üçin iki tarap hem öňdäki 2024-nji ýyl möwsüm başlamazdan öň 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň başlanjakdygyny habar bermegi meýilleşdirýär. Hemiltonyň topara geçendigi barada ýakyn günlerde resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar. Britaniýaly sürüjiniň «Mersedes» bilen häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir. Şertnama görä, türgen üçin soňky möwsüm 1+1 mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. Geçen möwsüm Hemilton sürüjileriň umumy sanawynda 234 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Birinji orny Awstriýanyň «Red Bull» ýaryş toparyna wekilçilik edýän (575 utuk) niderlandly Maks Werstappen mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir