UEFA-nyň resmi saýtynda Germaniýada geçiriljek 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionaty wagtynda ekologiýa barada alada etmek üçin girizilen täzelikler görkezilýär. Bu barada championat.com belleýär. Daşky gurşawyň arassalygynyň ilkinji gezek ýaryşyň düzgünnamasyna kriteriýa hökmünde girizilendigi sebäpli, oýunlaryň tertibi toparlar toparlaýyn tapgyryň oýunlaryny diňe iki sebit klasterinde geçirip biler ýaly ýagdaýda işlenip düzüldi. Maksat toparlar we janköýerler üçin guramaçy şäherleriň arasyndaky aralygy azaltmakdan ybarat. Bu toparlaryň wekiliýetlerine esasy lagerlerden toparlaýyn tapgyryň oýunlarynyň geçirilýän ýerine otly ýa-da awtobus bilen barmaga mümkinçilik berer, bu hem öňki ýaryşlara garanyňda uglerod yzyny has az galdyrar. Şol bir wagtyň özünde ýygyndylaryň köpüsi öz türgenleşik meýdançalarynyň infrastrukturasyna geljekki maýa goýumlar üçin öz saýlan lagerlerini ulanmagy maksat edinýärler, bu ýerli jemgyýete ýaryş gutarandan soň hem köp wagtlap peýda getirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir