Dünýäniň awiakompaniýalary 2023-nji ýylda ýolagçy dolanyşygyny 36,9% ýokarlandyrdylar. Bu barada Halkara howa transport assosiasiýasyna (IATA) salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Netijede, ol pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň derejesinden 94,1%-e çenli dikeldi. Geçen ýyl Ýewropanyň awiakompaniýalary halkara gatnawlarynda ýolagçy dolanyşygyny 22% artdyrdylar. Bortlaryň dolulyk derejesi 2022-nji ýyldaky 80,7%-den 83,8%-e çenli ýokarlandy. Demirgazyk Amerikada birinji görkeziji 28,3% ýokarlandy, ikinji görkeziji bir ýyl ozalky 80,7%-e garşy 84,6%-e ýetdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýolagçy dolanyşygy 126% ýokarlandy, gatnawlaryň dolulygy 74,1%-den 83,1%-e çenli artdy. Hytaýda içerki howa gatnawy geçen ýyl tas 139% ýokarlandy we häzir pandemiýadan öňki derejeden 7,1% ýokarydyr. Dünýä awiakompaniýalarynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl 1,9% azaldy. 2019-njy ýylyň görkezijisine degişlilikde ol 3,6% azdyr diýip, assosiasiýanyň hasabatynda habar berilýär. IATA dünýäniň ähli ýerinden global awiagatnawlaryň, takmynan, 83%-ini emele getirýän 320 awiakompaniýany öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir