«Tesla» tiz wagtda kompaniýany Delawer ştatynyň ýerine Tehasda gaýtadan resmileşdirmek meselesi boýunça paýdarlaryň arasynda ses berişlik geçirer. Bu barada awtokonserniň ýolbaşçysy Ilon Mask «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy. Onuň sahypasyna agzalaryň aglabasy (87,1 göterim) milliarderiň pikirini goldady. Ol özüne 55,8 milliard dollar bonus tölenmeginiň öňi alnandan soň bu karara geldi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bu puluň planetalar arasy syýahaty maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini öňe sürdi, ýöne kazy bu mukdary akla sygmaz derejede köp diýip atlandyrdy we onuň tölenmeginiň paýdarlaryň öňünde adalatsyzlyk boljakdygyny aýtdy. Milliarder kazyýetiň çözgüdinden soň derrew kompaniýany başga bir ştatda resmileşdirmek kararyna geldi. «Delawerde hiç haçan kompaniýany resmileşdirmäň. Eger meseleleriň paýdarlar tarapyndan çözülmegini isleseňiz, Newadada ýa-da Tehasda hasaba alynmagyňyzy maslahat berýärin» diýip, Mask sosial ulgamlarda ýazgy paýlaşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir