Programmist Aleksandr Žadan neýroulgama öz adyndan gyzlar bilen gepleşmegi öwretdi. Netijede, algoritm tanyşlyk sahypasyny ulanýan bäş müň gyzdan oňa gelinlik saýlady. «Ilkibaşda kynçylyklar ýüze çykýardy, sebäbi programma meni tanamaýardy, meniň adymdan bolgusyz zatlar ýazyp bilerdi, ýöne soňrak men ony şeýle bir derejede kämilleşdirdim welin, ol meniň ýaly gyzlar bilen aragatnaşyk saklap başlady» diýip, programmist gürrüň berdi. Ol bu täsin pikiriň adaty usulda ýanýoldaş tapmagyň kynlygy sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Žadan bu wezipäni neýroulgama tabşyrmagy makul bildi. Tiz wagtda programma oňa Karina atly gyzy tapdy. Neýroulgam oňa geljekki gelni bilen nirä gitmelidigini, ol ýa-da beýleki ýagdaýda näme diýmelidigini, nädip köşeşdirmelidigini aýdýardy. Geçen ýylyň ahyrynda ulgam Aleksandra Karina özüne durmuşa çykmagy teklip etmegi maslahat berdi. Programmist bu maslahata eýerdi, şondan soň olar nika üçin ýüz tutdular. «Karina bu maslahat barada ýakynda – nika baglaşmak üçin arza berenimizden soň habarly boldy, ol muny rahatlyk bilen kabul etdi» diýip, Žadan belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir