Fortune işewürler žurnaly ABŞ-daky gereginden artyk baha berlen we kembaha garalan baş direktorlaryň ýyllyk sanawyny hödürledi. “Artyk baha berlen” ýolbaşçylaryň anti-reýtingine Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask yzly-yzyna ikinji ýyl öňbaşçylyk etdi. RB.RU-nyň habar bermegine görä, Tesla-nyň paýnamalary birden pese gaçdy, bazar bahasynyň milliardlarça dollaryny ýitirdi we doly awtonom ulaglary döretmek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirilmän galdy. SpaceX-iň Marsda şäher döretmek bilen bagly meýilnamasy henizem amal bolmakdan daşda görünýär we Twitter (häzirki X) sosial ulgamyny satyn almak bilen bagly dawaly söwda we onuň dolandyrylyşyndaky şowsuzlyklar häzire çenli diňe maliýe kynçylyklaryna sebäp bolup gelýär. Mundan başga-da, birki günlükde Delawer ştatynyň kazyýeti Masky 56 milliard dollar möçberinde bonus töleginden mahrum etdi, şondan soň milliarder kompaniýany Tehas şäherine geçirmek meýilnamasyny yglan etdi we bu teklibi paýdarlara kazyýetiň karary bilen esaslandyrdy. Artyk baha berlen baş direktorlaryň sanawynda ikinji orny paýy ýylyň dowamynda 9% azalan, Disneýiň ýolbaşçysy Robert (Bob) Aýger eýeledi. Şondan öň, 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap gymmatly kagyzlaryň bahasy ýene 50% pese gaçdy. Aýger bu kompaniýada 40 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, şonuň 15 ýylynda baş direktoryň wezipesini eýeledi. Munuň tersine, Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella sekizinji gezek kembaha garalan baş direktor diýen ada eýe boldy. Respondentler, monopoliýa garşy düzgünleşdirijileriň makullamandyklaryna garamazdan, korporasiýanyň OpenAI-e üstünlikli maýa goýandygyny we Activision Blizzard-y satyn almak baradaky şertnamanyň üstünlikli tamamlanandygyny bellediler. Fortune bu sanawy ABŞ-daky birnäçe müň sany ýokary derejeli menejerler we seljerijiler bilen geçirilen pikir soraşmalaryň maglumatlaryna esaslanyp düzdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir