Karnegi Mellon uniwersitetiniň alymlary ýerasty gaz turbageçirijilerini barlamak we abatlamak üçin modul robotyny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Robot üç motorly tigriň kömegi bilen turbanyň içinden hereket edip bilýän özboluşly ykjam modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol abatlamagy aňsatlaşdyrýar diýip, New Atlas-a salgylanýan Ferra ýazýar. Robotyň esasy moduly batareýa modulyny, ýokary çözgütli optiki datçikli kartografiki moduly we turbanyň iç ýüzüniň 3D şekilini döretmek üçin lazeri hem-de abatlaýyş modulyny öz içine alýar. Häzirki wagtda soňky modul turbanyň ýüzüne çalt gataýan germetiki smola gatlagyny dynuwsyz çalyp aýlanýan elementdir. Ýokardaky topar üstki şekilleri seljermek üçin kartografiki modul arkaly we emeli aň ulgamyny ulanmak bilen näsazlyklary kesgitleýär. Robot, takmynan, 14,5 km uzynlykdaky, diametri 305 mm bolan turbany sekiz sagatda barlamaga ýa-da şol wagtda uzynlygy 3 km turbany germetik bilen örtmäge ukyply. Robot 61 m-lik kabel boýunça tok bilen üpjün edilýär, ýöne alymlar bu görkezijini 2 km-e ýetirmegi meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir