Nýu-Ýork uniwersitetiniň gözlegçiler topary çaganyň gözleri we gulaklary arkaly multimodal emeli aň (AI) ulgamyna tälim bermek bilen özboluşly synag geçirdi. Synag wagtynda bir çaganyň gündelik durmuşyndan alnan wideo ýazgylar we audio bölekler ulanyldy diýip, New York University-ä salgylanýan Ferra ýazýar. Science žurnalynyň soňky sanynda beýan edilen synag AI modeliniň çaganyň oýa wagtynyň bary-ýogy 1 göterimini ulanyp, dürli sözleri we düşünjeleri öwrenip biljekdigini görkezdi. Her ýyl millionlarça sözi eşidýän çagalardan tapawutlylykda, iň oňat AI ulgamlary trillion sözli tekst boýunça taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler çaganyň gündelik durmuşynyň ownuk böleklerini ulanmak bilen taýýarlanan AI modeliniň irki dil we düşünjeli ösüş baradaky bilýänlerimizi ep-esli giňeldip biljekdigini görkezdiler. Multimodal neýron ulgamy alty aýlykdan iki ýaşa çenli çagalaryň görüş we eşidiş tejribelerini düşürýän kellede göterilýän ýeňil kameranyň wideo ýazgylary boýunça tälim aldy. Gözlegiň netijeleri AI-niň, çaganyň gündelik başdan geçirmeleri barada çäkli maglumatlara esaslanyp, sözleri wizual şekilleri bilen baglanyşdyryp biljekdigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir