The Beatles rok-toparynyň agzalary tarapyndan Ýaponiýa konsert syýahatynyň dowamynda çekilen surat Christie’s auksion öýüniň söwdasynda 1,74 mln dollara satyldy. Bu barada Ýaponiýanyň “Yomiuri” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär. Abstraksionizm stilinde ýerine ýetirilen surat toparyň agzalary tarapyndan 1966-njy ýylyň tomsunda Tokioda geçirilen konsertleriň arasyndaky arakesmelerde adaty ýapon kagyzyna çekildi. Neşiriň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk maksady bilen şol günler The Beatles-iň agzalary konsertlerden boş wagtlary hemişe myhmanhanada bolmaly bolýardylar, bu hem olaryň bilelikde surat çekmegine getirdi. Soňrak rok-toparyň gol galdyran suraty “Zenanyň keşpleri” diýlip atlandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir