Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Tokioda geçirilen her ýylky hukuk meseleleri boýunça maslahatda oýunçylaryň bahasyny adalatly kesgitleýän algoritm döretmek teklibi bilen çykyş etdi. «Häzirki wagtda bu we beýleki temalary ara alyp maslahatlaşmak biziň üçin adatdakylardan has möhümdir. Mysal üçin, transfer ulgamynda aç-açanlygy ýokarlandyrmak we futbolda gyzyklanýan taraplara kömek etmek üçin transfer tölegleriniň adalatly nyrhyna baha bermek üçin algoritmi ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak gerek» diýip, ESPN Infantinonyň sözlerini getirdi. futbol klublary 2023-nji ýylda transferler üçin rekord derejede jemi 9,63 milliard dollar sarp etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir