Hytaý emeli hemralar toparyny uçurdy, şolaryň arasynda dünýädäki ilkinji emeli aň ornaşdyrylan emeli hemra hem bar. Bu barada rambler neşiri CGTN teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär. «Rongpiao» emeli hemrasy («Xingshidai-18» diýlip hem atlandyrylýar) dokuz emeli hemra toparynyň düzüminde Pekin wagty bilen sagat 11:06-da «Smart Dragon 3» (SD-3) raketasy bilen uçuryldy. Uçuş Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Ýanszýan şäheriniň kenarýakasynda suwuň üstünden amala aşyryldy. Bellenilmegine görä, «Guoxing Aerospace Technology» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen enjam «Synaesthesia Fusion» emeli aň algoritmini orbitada barlamak üçin niýetlenendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir