Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulite we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Laos Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine onuň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Thonglun Sisulite tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir