29-njy ýanwarda Günüň üstünde güýçli M6.8 görnüşli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky Amaly geofizika institutynyň (FGBU "IPG") Geliogeofiziki gullugynyň web sahypasyna salgylanýan RBC habar berdi. Habara görä, 61 minut dowam eden M6.8 alawy 29-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 9:38-de hasaba alyndy. Bu hadysa gysga tolkun (GT) radioaragatnaşygynyň kesilmegi bilen utgaşdy. Şondan birnäçe sagat öň 28 minut dowam eden başga bir alaw hem ýazga alyndy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 30-njy ýanwarda Günüň alaw işjeňligi ortaça boldy. Radiasiýa ýagdaýy birneme ynjalyksyz bolup biler. GT radioaragatnaşyk şertleriniň günüň belli bir wagtlarynda ýaramazlaşmagyna garaşylýar. Alymlar Günüň işjeňliginiň indiki iň ýokary derejesiniň 2023-2024-nji ýyllarda boljakdygyny duýdurypdylar. Diýmek, bu döwürde köp alawlaryň we magnit tupanlarynyň boljakdygyny aňladýar. Hünärmenler Günüň iň ýokary işjeňliginde saglygyňyza has ünsli bolmagy maslahat berýärler. Bu, esasanam, duýgur derili adamlara we magnit tupanlary ýiti täsir edýän adamlara degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir