Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary maşyn bilimini ulanmak arkaly gözleg geçirdiler we onuň netijesinde 2020-nji ýylda ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan kabul edilen düzgüniň ýurduň batgalyk ýerleriniň, çeşmeleriniň we agyz suwlarynyň düzgünleşdirilmegini näderejede ýatyrandygyny anykladylar. Ferra-nyň habar bermegine görä, seljerme bu düzgüniň, umumy alanyňda, 1 110 000 km çeşmäniň goragyny ýatyrýandygyny görkezdi. Şeýle-de, ol öý hojalyklarynyň kranlaryna agyz suwuny berýän suw basseýnleriniň 30%-ini düzgünleşdirmekden aýyrýar. Şeýle düzgünleşdirmekden aýyrma daşky gurşawa düýpli täsir edip biler, sebäbi batgalyk ýerler suw joşmasynyň öňüni almak we suwuň süzülmegi ýaly möhüm peýdalary üpjün edýär. Şeýle-de, gözlegçiler işlenip taýýarlanan maşyn biliminiň modeliniň düzgünleşdiriji edaralar we gurluşykçylar üçin rugsat almak üçin ýylda 1 mlrd dollardan gowrak pul tygşytlamaga kömek etjekdigini aýdýarlar. Bu emeli aňyň rugsat almagyň dowamly we näbelli prosesleriniň zerurlygyny aradan aýryp, ýeriň düzgünleşdirişe degişli bolmak ähtimallygyny çalt we takyk aýdyp biljekdigi bilen baglanyşyklydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir