ABŞ-nyň häkimiýetleri ýurtda zawod gurmak üçin ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýär. Bu barada abraýly Wall Street Journal-a salgylanýan “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berdi. Neşiriň habaryna görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň Intel we Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar. Intel-iň 43,5 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň, TSMC-iň bolsa 40 milliard dollarlyk iki zawod gurmak taslamasynyň bardygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde, Micron Technology, Texas Instruments we GlobalFoundries ýaly beýleki ýokary tehnologiýaly kompaniýalar hem subsidiýa almaga dalaş edýärler. Subsidiýa gaznalaryny kadalaşdyrýan Mikroshemalar hakyndaky kanun her taslamanyň umumy bahasynyň 15 göterimini (her kärhana üçin 3 milliard dollara çenli), şeýle hem zaýomlary, karz kepilliklerini we salgyt ýeňilliklerini öz içine alýan 39 milliard dollarlyk önümçilik grantyny öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde, Günorta Koreýanyň Samsung Electronics we SK Hynix kompaniýalary çip öndürýän dünýädäki iň uly klasteri döretmek üçin 471 milliard dollar maýa goýýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir