2023-nji ýylda HHR-de ykjam telefonlaryň satuwy 6,5% ýokarlanyp, 289 mln birlik boldy. Bu barada ýurduň Senagat we maglumatlaşdyrma ministrliginiň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasy (CAICT) habar berdi diýip, interfax.ru belleýär. Şol sanda täze nesil 5G aragatnaşyk toruny goldaýan telefonlaryň satuwy 11,9% ýokarlanyp, 240 mln birlik boldy. Hytaý brendleri bazarda agdyklyk etmegini dowam etdirdi: ýerli öndürijileriň paýyna 231 mln telefon (1,1% ösüş) düşdi diýip, Sinhua agentligi belleýär. Geçen ýyl olar bazara 406 sany täze modeli çykardylar (5,5% ösüş). Dekabr aýynda ýurtda umumy telefon üpjünçiligi 28,28 mln birlik boldy, bu 2022-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 1,5% köpdür.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir