«Robotiz3d» tehnologiýalar kompaniýasy Liwerpul uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde ýoly bejermek üçin köpugurly roboty döretdiler. Bu barada rambler.ru «Interesting Engineering» neşirine salgylanyp habar berýär. Robot «Awtonom ýoly abatlaýyş ulgamy» (ARRES) diýlip atlandyrylýar. Ol öňdäki tarapynda tekizleýji gurluş (katok) bolan, futuristik dizaýnly, zynjyrly özbaşdak hereket edýän platformadyr. «ARRES» asfaltdaky çukurlary kesgitleýän maşyn görüşi, şeýle hem asfalty guýmak we tekizlemek üçin dürli mehanizmler toplumy bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjamyň galdyran ýamalary suw geçirmeýär we zeperlenmä garşy ýokary durnuklylyga eýedir. Şeýle işler ýerine ýetirilende adamyň gatnaşmagy talap edilmeýär. Täze önümiň ulanylmagy ýollary bejermekde wagt we pul tygşytlamagy wada berýär, şeýle hem beýleki ýol hereketine gatnaşyjylaryň işine iň az derejede päsgelçiligi kepillendirýär. «ARRES-iň» meýdan synaglary gysga wagtda Hartfordşir şäherinde başlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir