«Apple» kompaniýasy «iPad-lara» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goşulmajakdygyny aýtdy. Bu barada lenta.ru 9to5Mac neşirine salgylanyp habar berýär. Korporasiýa ýanwar aýynyň ahyrynda yglan edilen «iOS-da» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goldawynyň «iPad» platformasynda peýda bolmajakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, «Apple» planşetleri «iPhone» smartfonlarynda peýda boljak möhüm funksiýalardan mahrum edildi. Bellenilmegine görä, «iPadOS-da» «App Store-dan» başga dükanlardan ykjam goşundylary ýüklemek mümkinçiligi, «Apple Pay-dan» başga töleg ulgamlary we täze brauzerler bolmaz. Şeýlelikde, kompaniýa Ýewropanyň Sanly bazarlar hakynda kanuny (DMA) diňe «iOS-a» degişli, «iPadOS» bolsa düýbünden başga operasion ulgam diýip hasaplaýar. 2019-njy ýyla çenli «iOS» «iPhone» we «iPad» üçin bitewi ulgamdy. Emma bäş ýyl ozal «Apple» öz planşetleri üçin «iPadOS» çykardy. Şeýle-de bolsa, «iOS» we «iPadOS» birmeňzeş binýada eýe hem-de biri-birinden ujypsyz tapawutlanýar diýlip hasaplanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir