Daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça Düzgünleri we Kadalary tassyklady. Resminama "Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy bilen ylalaşyldy we 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek bilen bagly düzgünler we kadalar düzgünleşdirilýär. Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek bilen bagly işler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýörite maksatnamalara we taslamalara laýyklykda geçirilýär. Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek işleri Türkmenistanyň dürli sebitleriniň suw, toprak, howa şertlerine laýyklykda hem-de ykdysady taýdan amatly, öňde baryjy usullar we tehnologiýalar arkaly amala aşyrylmalydyr. Tokaýlary dikeltmegiň maksady tokaýlary çapylmalardan, köýüklerden we öň tokaý gaznasynyň tokaý eýeleýän çäklerinde öz wagtynda dikeltmek, tokaýlaryň tohum düzümini gowulandyrmak, tokaý gaznasynyň ýerleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde tokaýlary dikeltmek we agaçlary köpeltmek işleri diňe emeli ýol bilen nahal oturdulyp ýa-da tohum ekilip amala aşyrylýar. Resminamanyň doly görnüşini şu salgydan okap bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir