Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp.-y we amerikan General Motors-y Corolla-nyň, Matrix-iň, RAV4-iň we Pontiac Vibe-iň, takmynan, 61 müň sany köne modeliniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Takata tarapyndan öndürilen howpsuzlyk ýassygy partlap, awtoulagyň içine metal bölekleriniň zyňlyp biljekdigi sebäpli, kompaniýalar awtoulaglaryň eýelerini derrew abatlaýyşa çagyrdy diýip, MarketWatch-a salgylanýan INTERFAX habar berýär. Awtoulag öndürijiler Takata howpsuzlyk howa ýassykly Corolla 2003-2004 awtoulaglarynyň, Matrix 2003-2004 hetçbekleriniň we RAV4 2004-2005 wnedorožnikleriniň käbirlerine degişli "Ulagy sürmekden saklanyň" maslahatyny berdi. Şeýle hem Matrix bilen çalymdaş 11 müňe golaý Pontiac Vibes 2003-2004 awtoulaglary yzyna çagyrylýar. Olar Kaliforniýanyň şol bir desgasynda öndürildi. Awtoulaglaryň aglabasy ABŞ-da ýerleşýär. Howpsuzlyk ýassygy işläp başlanda "sürüjä ýa-da ýolagçylara agyr şikes ýetmegine ýa-da olaryň heläk bolmagyna sebäp bolup biljek ýiti metal bölekleri pytraýar" – diýip, Toyota-nyň beýanatynda aýdylýar. 2009-njy ýylyň maý aýyndan bäri Ýaponiýanyň Takata kompaniýasynyň howpsuzlyk ýassygynyň inflýatorlarynyň partlamalary dünýäde azyndan 30 adamyň, şol sanda ABŞ-da 26 adamyň heläk bolmagyna sebäp boldy. Ýene 400 töweregi adam şikes aldy.