Paleontologlar Hytaýda ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylaryny tapdylar, ol täze görnüşe degişli bolup biler diýip, Xinhua agentligi belleýär. Muny TASS ýetirýär. Hek döwrüne degişli bolan bu tapyndynyň heniz 2021-nji ýylda Szýansi gündogar welaýatynyň Gançžou şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde üstünden baryldy. Gözlegleriň dowamynda alymlar galyndylaryň Titanozawrlaryň täze görnüşine degişlidigini anykladylar we ony Gandititan cavocaudatus diýip atlandyrdylar. Umuman alanyňda, onuň skelet süňkleriniň 40%-i tapyldy. Tapyndylaryň arasynda, aýratynam, dinozawryň bedeniniň uzynlygynyň, takmynan, 14 metrdigini çaklamaga mümkinçilik berýän gowy saklanan oňurga süňki bar. Bu açyş hek döwründe bu görnüşiň ewolýusiýasyny we ýaýrawyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe diýip, alymlar belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir