Ford kompaniýasy önümçilikden Edge krossowerini aýyrýar. Soňky nusga Kanadanyň Okwill şäherindäki zawodyň konweýerinden 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde çykar. Ford Edge 2006-njy ýylyň başynda Detroýtdaky awtosalonda ilkinji gezek görkezildi, şondan soň Kanadadaky zawodyň konweýerine girdi. Bu ABŞ-da hem öňdäki, hem doly herekete getiriji bilen elýeterli bolan 4,7 metr uzynlykdaky orta ölçegli krossowerdir. Häzire çenli model neslini üýtgedip, birnäçe gezek täzelendi. Ol ençeme baýraklara mynasyp boldy, şol sanda “Iň gowy maşgala awtomobili” (2007-nji ýyl) diýlip ykrar edildi, şeýle-de Amerikanyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) Top Safety Pick reýtingine girdi. Şonuň bilen birlikde, Ford ABŞ-da SUV hataryny azaltmagy we geljekde pikaplara hem has gymmat üç hatarly modellere ünsi jemlemegi maksat edinýär. Önümçilikden aýrylmaga indiki dalaşgär ABŞ-dan daşary Kuga hökmünde belli bolan Escape-dir. Resmi däl maglumatlara görä, bu 2025-nji ýylda bolar. Şeýle-de, Okwilldäki zawoda 145 mlrd dollar maýa goýlar we bäş sany elektrik modelini çykarmak üçin enjamlaşdyrylar. Olaryň birinjisi 2025-nji ýylda peýda bolar, 2028-nji ýylda bäşisi-de önümçilik hataryna girer.