2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ähli ýeňil awtoulaglar, şeýle hem ýeňil ýük ulaglary we furgonlar «gara gutular» – ulagda hereketiň parametrlerini ýazga alýan bort ýazgy enjamlary bilen üpjün ediler. Bu barada gazeta.ru Motor1 neşirine salgylanyp habar berýär. «Waka registratorlaryny» (event data recorder, EDR) sürüjiniň oturgyjyndan başga-da, sekiz ýolagçy oturgyjy bolan M1 derejeli awtoulaglarda standart enjam hökmünde gurnamak göz öňünde tutulýar. EDR-ni hökmany gurnamak baradaky Ýewropa Komissiýasynyň talaby, umumy agramy 3,5 tonna çenli bolan N1 derejeli täjirçilik awtoulaglaryna hem degişlidir. Ýewropa Komissiýasynyň resminamalaryna laýyklykda, EDR tizligiň, duruzyşyň (tormoz) parametrleriniň, ulagyň ýoldaky ýagdaýynyň we ýapgydynyň (naklon), şeýle hem howpsuzlyk ulgamlarynyň täsiriniň ýazgysyny üpjün etmeli. Şeýle hem 2018-nji ýyldan bäri Ýewropada hökmany bolan «eCall» gyssagly jaň ulgamynyň işjeňleşmegini ýazga geçirmeli.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir