FIFA web sahypasynda 2023-nji ýyldaky transfer hasabatyny çap etdi. Ýylyň dowamynda serhetara 74836 sany transfer geçirilendigi bellenilýär. Bu transferleriň, takmynan, 23689-si (31,7%) professionallar (erkekler we zenanlar klublary) tarapyndan amala aşyryldy, galan 51 147 transfer (68,3%) bolsa höwesjeňlere degişlidir. Futbol klublarynyň transferlere sarp eden umumy çykdajylary 9,63 milliard dollara ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 48,1% köpdür. 2023-nji ýyldaky görkeziji 2019-njy ýylda goýlan öňki rekorddan (7,35 milliard dollar) 2 milliard dollardan hem köpdür. Esasy 10 transferiň umumy bahasy sarp edilen ähli puluň 10%-den gowragyny emele getirýär. Pul tölenen 3279 transferden iň iri 100 transferiň umumy bahasy jemi çykdajylaryň 45%-den gowragyny düzýär, Angliýanyň klublary 2,96 milliard dollar bilen sanawda birinji orunda durýar. Nemes klublary oýunçy satmakdan gazanylan girdejileriň sanawynda birinji orunda durýar, olar 1,2 milliard dollardan gowrak girdeji gazandylar. Geçen ýylda bolşy ýaly, Portugaliýanyň klublary beýleki döwletlere görä has köp oýunçy satyn aldylar (1017). Braziliýanyň klublary, tersine, köp oýunçy satdylar (1217). 2023-nji ýylda jemi 1024 klub halkara transferlerine pul harçlady. Taryhda ilkinji gezek 1000-den gowrak topar daşary ýurtlardan futbolçy transfer etdi. Transfer töleglerini alýan klublaryň sany 1241 boldy, bu-da täze rekorddyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir