«OnePlus» täze arzan «Nord N30 SE» smartfonyny tanyşdyrdy. Täze önüm 2022-nji ýylda çykan «Nord N20 SE» modeliniň mirasdüşeri bolup, elýeterli enjamlaryň arasynda täze hit boljakdygyny wada berýär. «OnePlus Nord N30 SE» göwrümi we agramy bilen täsir galdyrýar: 165,6×76×7,99 mm we bary-ýogy 193 gram. Ol açyk we dury şekil döredýän FullHD+ durulygy bolan 6,72 dýuýmlyk IPS displeýi bilen üpjün edilendir. Merkezi kesişde ýerleşýän 8MP frontal kamera selfi we wideojaňlar üçin örän amatlydyr. Arka tarapynda kuwwatly 50 megapiksellik esasy kamera we goşmaça 2 megapiksellik çuňluk datçigi ýerleşýär, bu bolsa surata düşürmek bilen gyzyklanýanlar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Enjam «Dimensity 6020» çipi bilen işleýär, ol öndürijiligi boýunça «Helio G99» bilen deňeşdirilip bilner. 4 GB operatiw ýat we 128 GB goşmaça ýat bilen «Nord N30 SE» maglumatlary saklamak üçin ýeterlik ýer we ykjam goşundylaryň akgynly işlemegini kepillendirýär. 5000 mA/s akkumulýator we 33 Wt çalt zarýad beriş goldawy ýygy-ýygydan zarýad bermek zerurlygy bolmazdan batareýanyň uzak ömrüni üpjün edýär. «OnePlus» häzirlikçe «Nord N30 SE» smartfonunyň resmi bahasyny yglan etmedi, ýöne onuň 200 dollardan geçmejekdigi çaklanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir