“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýyny ulanyşa girizer. Guýulary gurmakda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigi Türkmenistanyň resmi metbugat sahypalarynda çap edildi. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler hukuk derejesini, bank rekwizitlerini we beýleki maglumatlary görkezip, ýazmaça arza bermeli, şeýle hem goşulan baha salgydyny hasaba alyp, degişli tölegleri geçmeli. Bäsleşik boýunça teklipler bildirişiň resmi sap edilen gününden başlap, 14 iş güni kabul ediler. “Galkynyş” käni – dünýäde iň iri känleriň biri. Häzirki wagtda Türkmenistan “mawy ýangyjyň” eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu käniň tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär. Bäsleşik üçin resminamalar Aşgabat şäherinde Arçabil şaýoly, 56 binasynda kabul edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir