"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy marty aralygynda bu ugur boýunça awiabiletleri arzanladylan bahalardan satyn alyp bilersiňiz. "Türkmenistan" awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-inden mart aýynyň 30-yna çenli ýerine ýetiriljek Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça awiabiletlere arzanladyş yglan edilýändigi barada Size habar berýäris" diýlip habarda aýdylýar. Türkmenistandan Malaýziýa gatnawlar hepdäniň her sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler. Awiabiletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn hem satyn alyp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir