Messi ýetginjek döwründe oňa wekilçilik eden we araçysy Orasio Gajoli Messiniň «Barselona» bilen ilkinji şertnamasy ýazylan salfetkany «Bonhams» auksionyna çykardy. Onuň çaklanylýan bahasy 300 müňden 500 müň funta çenlidir. Ozal resminama bankyň seýfinde saklanýardy. Gajoli salfetkany klubuň muzeýine ýerleşdirmek barada «Barselona» bilen ylalaşyp bilmedi. Messiniň şertnamasy «La Reial Societat de Tennis Pompeia» klubunda günortanlyk naharynda salfetka ýazyldy. Şol wagt «Barsanyň» tehniki sekretary Karles Reşak klubuň Leo bilen şertnama baglaşjakdygyna söz berdi. «Barselonada, 2000-nji ýylyň 14-nji dekabrynda jenap Hosep Mingelýanyň we Orasionyň gatnaşmagynda «Barselonanyň» tehniki sekretary Karles Reşak, bar bolan käbir garşylykly pikirlere garamazdan, eger ylalaşylan mukdarda ylalaşygy saklasak, oýunçy Lionel Messi bilen şertnama gol çekmegi öz üstüne alýar» diýlip, salfetka ýazylan. Messiniň ilkinji şertnamasy salfetka ýazyldy. Ol Andorradaky bankda saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir