Türkiýe kosmosa öz raketasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy diýip, RIA.Nowosti habar berýär. “Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda biz maksatnamanyň çäklerinde taýýarlan astronawtlarymyz bilen öz raketamyzy kosmosa ibereris” – diýip, Ärdogan ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Eskişehirde ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Türkiýeli astronawtyň ilkinji uçuşy Ankara 55 mln ABŞ dollaryna düşdi, taryhy missiýanyň bahasy ony amala aşyran Axiom Space kompaniýasy tarapyndan kesgitlendi diýip, “Karar” gazeti habar beripdi. Ekipaža italiýaly uçarman Walter Willadeý, ÝKA-nyň astronawty, Şwesiýanyň raýaty Markus Wandt, şeýle-de Türkiýäniň kosmosda bolýan ilkinji raýaty – harby uçarman Alper Gezerawçi girdi. Syýahatçylaryň orbitada iki hepde töweregi bolmagy meýilleşdirilýär. Bu döwürde olar orbital stansiýanyň diňe bir gündelik durmuşyna däl, eýsem ylmy durmuşyna-da gatnaşarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir