“Real” HP kompaniýasy bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy. Marca-nyň berýän maglumatyna görä, Amerikanyň enjamlary we programma üpjünçiligini iberijisi “Realyň” iň uly hemaýatkärlerinden birine öwrüler. HP nyşany Madridiň klubunyň futbolkalarynyň ýeňlerinde peýda bolar. AS-nyň berýän maglumatyna görä, bu şertnama futbol klubuna ýylda 70 million ýewro girdeji getirer. Şeýle-de, “Realyň” ýylda 117,6 million girdeji getirýän adidas (tehniki hyzmatdaş), şeýle hem, ýylda 70 million gideji getirýän Fly Emirates awiakompaniýasy (döşdäki nyşan) bilen hemaýatkärlik şertnamalary bar. Şeýlelikde, klubuň esasy hemaýatkärlerinden alýan girdejisi ýylda 260 million ýewro ýeter.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir