Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda Lionel Messi bilen bir meýdançada duşuşar. Bu barada “Kitçi” futbol kluby habar berdi. Duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongyň Milli stadionynda geçiriler. Lionel Messini we onuň “Barselonadaky” öňden gelýän ýoldaşlary Luis Suaresi, Serhio Busketsi we Žordi Albany düzüminde jemleýän “Inter Maýami” klubuna garşy geçiriljek duşuşykda “Kitçiniň” düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow bilen bilelikde onuň 5 topardaşy çykyş eder. Ýeri gelende bellesek, Ruslan Mingazow 2022/2023-nji ýylyň oýun möwsüminde Gonkongyň iň gowy futbol oýunçysy diýlip yglan edilipdi. Şol möwsümde ol 17 gol geçirip, ýaryşyň iň gowy bombardiri boldy. Şeýle hem ol "Kitçiniň" düzüminde Gonkongyň Kubogyny gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir