Lyst onlaýn platformasy dünýäniň iň meşhur moda brendleriniň sanawyny hödürledi. Sanaw resmi saýtda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Birinji orny Italiýanyň Prada brendi eýeledi. Soňky çärýekde Moda öýi Şanhaýda Pradasphere II atly sergi açdy we NASA-nyň astronawtlary üçin skafandrlary işläp taýýarlamak maksady bilen Axiom Space amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny yglan etdi. Mundan başga-da, brend Maýýa Houk, Demson Idris, Lui Partrij we Kim The-ri bilen mahabat kampaniýasyny çykardy. Ikinji orunda Miu Miu ýerleşdi. Üçünji orny Loewe brendi eýeledi. Şeýle-de, 2023-nji ýylyň soňky çärýeginde iň meşhur brendleriň sanawyna Bottega Veneta, Moncler, Saint Laurent, Versace, Jacquemus, Burberry, Valentino, Gucci, Balenciaga, Diesel, Skims, Dior, Louis Vuitton, UGG, The Row, JW Anderson we Fendi girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir