Häzirki wagtda “Liwerpul” futbol kluby barada köp bölümli dokumental serialy surata düşürmek işleri alnyp barylýar, serial 2023/2024 möwsüminiň ahyrynda ýaýlyma çykar. Bu barada championat.com habar berýär. “Eksklýuziw kartina “Liwerpulyň” baý taryhy, onuň janköýerler bilen ýakyn aragatnaşygy barada gürrüň berer we klubuň, şol sanda onuň meýdançada we onuň çäginden daşary üstünlikli hasaplanýan erkekler we zenanlar toparynyň nähili işleýändigini görkezer. Bu janköýerlere we tomaşaçylara klub barada özboluşly düşünje berer we “Liwerpulyň” taryhyny öňkülerden has giň auditoriýa ýetirer. Kameralar Ýurgen Kloppy we onuň toparyny halypanyň klubdaky soňky möwsüminiň tutuş dowamynda yzarlar. Dokumental film topary, tälimçileriň we oýunçylaryň şahsy giňişligine girmezden, diňe ylalaşylan ýerlerde görkezer. Bularyň ählisi klubuň şu güne çenli geçen ýolunyň öwrenilmegi we “Liwerpul” futbol klubunyň epiki taryhynyň esasynda adamzat wakalarynyň gürrüň berilmegi bilen ugurdaş alnyp barlar” – diýlip, “Liwerpulyň” resmi saýtyndaky serialyň anonsynda aýdylýar. Ýatlap geçsek, geçen hepde mersisaýdlylaryň baş tälimçisi Ýurgen Klopp häzirki möwsümiň ahyrynda topary terk etjekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir