Hytaýly pensioner dünýäde wideo oýunlar bilen meşgullanýan iň garry bloger boldy. Bu barada UPI neşirine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar. Internetde “Ýan baba” ady bilen tanalýan 88 ýaşly Ýan Binlin wideo oýunlar boýunça rolik düşürýän iň garry bloger hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Pensiýadaky adamyň sosial ulgamlarda onuň roliklerini yzarlaýan 280 müňe golaý abunaçysy bar. Ol wideo oýunlar bilen 1998-nji ýylda, pensiýa çykan mahaly gyzyklanyp başlandygyny gürrüň berýär. Şondan bäri her gün üç – alty sagady gowy görýän işine sarp edýär. Ýanyň aýaly onuň gyzyklanmasyny goldaýar we hatda käwagtlar onuň bilen bilelikde oýnaýar. Mundan başga-da, Binlin öz agtyklaryny we beýleki maşgala agzalaryny hem wideo oýunlaryň dünýäsi bilen tanyşdyrdy. Garry rekord eýesi bolandygyna begenýär hem-de bedeniniň oýun oýnamaga mümkinçiligi barka, hemişe oýnajakdygyny aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir