Täze Zelandiýanyň Daşky gurşawy goramak edarasy düzüminde “hemişelik himikatlary” saklaýan kosmetika önümlerini gadagan etmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär. PFAS (per- we poliftoralkil birleşmeleri) egin-eşik önümçiligi, azyk gaplamasy we aşhana gap-gaçlary ýaly köp pudaklarda giňden ulanylýan maddalardyr. Olar dargama garşy durnuklylygy bilen bellidirler, şol sebäpli olara “hemişelik himikatlar” diýilýär. Şeýle himikatlar organizme diňe bir agyz suwunyň üsti bilen däl, eýsem PFAS düzümli materiallara gaplanan önümler arkaly hem düşýär. PFAS rak keselini, çagalarda dogabitdi ösüş kemçiliklerini, bagyr we galkan görnüşli mäz kesellerini, immunitetiň azalmagyny we gormonal bozulmalary güýçlendirip biler. Kosmetikada PFAS dyrnak üçin laklara, sakgal gellerine, tonal kremlere, pomadalara we tuşlara goşulýar, sebäbi bu maddalar bilen önümler has suwuk we suwa çydamly bolýar. Taslama laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli Täze Zelandiýada “hemişelik himikatlary” saklaýan kosmetika serişdelerini satmak gadagan ediler. 2025-nji ýylyň dekabr aýyndan bolsa ýurtda per- we poliftoralkil goşundylary bolan ýangyn söndüriji köpürjikleri ulanmak gadagan ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir