Häzirki wagtda kompaniýalaryň köpüsi öz maliýe hasabatlaryny hödürleýärler. Şolaryň arasynda öz operasion girdejisi bilen haýran galdyran Sony Group hem bar. Mysal üçin, geçen çärýegiň jemi boýunça kompaniýanyň operasion girdejisi Samsung-yň girdejisinden ýokary boldy. Bu barada ixbt.ru belleýär. Geçen maliýe ýylynda Ýaponiýanyň Sony Group kompaniýasynyň operasion girdejisi 7,95 mlrd dollara barabar boldy, degişli görkeziji Samsung Electronics üçin 5,62 mlrd dollara barabar. Şeýlelikde, soňky 24 ýylda ilkinji gezek Sony-nyň operasion girdejisi Samsung-yňkydan ýokary boldy. Şeýle-de, Business Korea neşiri 14 ýyl mundan ozal Ýaponiýanyň elektronika önümçiligi boýunça iň uly dokuz kompaniýasynyň girdejisiniň Samsung Electronics-iň girdejisiniň hatda ýarysyna-da ýetmändigini belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir