Nokia-nyň resmi saýty ykjam telefonlar bölümini aýyrdy, nokia.com/phones salgylanmasy bolsa indi HMD Global tarapyndan ýakynda işe girizilen resmi saýta – hmd.com geçirýär. HMD Global baş sahypasynda öz brendi bilen täze TA-1585 smartfonynyň daşky görnüşini görkezdi, ýöne telefon barada belli bir maglumat bermedi. Gürrüňlere görä, HMD TA-1585 108 Mp şekil datçigi bilen üpjün ediler, ekran 1080 x 2400 piksel durulyga eýe bolar. Häzirlikçe bu bar bolan maglumatlar. IT Home smartfonlardan başga-da, HMD Global-yň hakykatda Nokia T21 planşetiniň täzelenen wersiýasy bolan HMD T21 planşetini-de çykaryp biljekdigini habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir