2024–2025-nji ýyllarda Türkmenistanda «Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň III tapgyry amala aşyrylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli teklibi goldap, wise-premýer H.Geldimyradowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan “Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr” atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek üçin teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda ýerine ýetirmek babatda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019-2023-nji ýyllarda geçirilen işler barada maglumat berildi. Ýokarda agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň III tapgyrynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, şeýle hem maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribesini öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir