Prezident Serdar Berdimuhamedow Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda, bilim edaralarynyň bilim işiniň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibini kesgitlemek hem-de onuň bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň bilim edaralarynyň görkezijileri babatda dünýäde belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna, milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykmagyna ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir