Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynyň energetika pudagynda ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwer kömegini iberer. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberindäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir