“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak we olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler geçirilýär. Döwlet Baştutany ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, genetiki barlaglary geçirmegiň wajypdygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir