2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 49-syny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini aýtdy. Serdar Berdimuhamedow şu ýyl dabaraly ýagdaýda ulanylmaga beriljek desgalaryň we binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir