5-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler. Dabara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir