Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyzyň dokma senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika hem-de hususy ulgamynda maýa goýumlaryny amala aşyrmak we karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu bank bilen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 87 taslama amala aşyryldy. Häzirki wagtda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda, Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bu bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalary, jemgyýetçilik guramalary we hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bankyň maýa goýumlary we karz serişdeleri esasan daşky gurşawy, howanyň üýtgemegi, innowasiýa, sanly ulgam, adam kapitalynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa we durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek, şeýle hem beýleki degişli meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankynyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir